Türkmen-Niderland strategiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrundaky duşuşyk

24.05.2022

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Söwda edarasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň wekili, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, “Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň beýleki wekilleri gatnaşdylar.
Niderlandlar Patyşalygynyň Söwda edarasynyň Taslamalar boýunça iş ýöredijisi Jeými Bekker hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalar bilen işlemek we halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygy Maral Sarygulowa özleriniň giriş sözlerinde gatnaşyjylara ýüzlenip, duşuşygy gurnap berendikleri üçin Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasyna çuňňur minnetdarlygy bildirdiler we iki döwletiň söwda edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň berkemeginde bu duşuşygyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler. Şeýle görnüşdäki duşuşyk, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen tanyşdyrylyş duşuşygyndan bäri ikinji gezek geçirilýär.
2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt aýlanyşygy geçen 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 esse artandygy nygtalyp geçildi. Niderlandlar Patyşalygy Türkmenistanyň daşarky söwda aýlanyşygynyň sanawynda 14-nji orny eýeleýär. Niderlandlardan Türkmenistana import edilýän harytlaryň aglaba bölegi lukmançylyk enjamlary we gülçülik önümleri, eksport edilýän harytlar bolsa nebit we himiýa önümleri bolup durýar. Şeýle hem, “Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň, “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň wekilleri we beýleki hususy telekeçiler çykyş edip, ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler.
Gatnaşyjylar, bu duşuşygyň iki tarap üçin hem wajyp ähmiýete eýedigini belläp, geljekde şeýle duşuşyklaryň amaly görnüşde hem geçirilmegine umytlar we iň gowy arzuwlar bilen çäräni tamamladylar.