“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergisinde “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasy guramanyň we milli ulag we logistika kärhanalarynyň işleri boýunça diwarlygyny hödürledi

27.05.2022

2022-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi geçirildi. Oňa ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän gözden geçirilişde ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri tanyşdyrylýar. Halkara derejesinde geçirilýän bu sergä “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasy hem öz agzalarynyň adyndan çykyş etdi.

“Türkmen Logistika”” Milli Assosiasiýasynyň diwarlygyna döwlet edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilleri, işewür toparlar we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary tarapyndan aýdyň gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem serginiň çäklerinde, Assosiasiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyplary üçin ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar pudagynyň şahamçalarynyň diwarlyklarynda ýörite tanyşdyryş göçme okuw sapagyny gurnady. Talyplar ulag we kommunikasiýalar pudagynyň wekilleri bilen giňişleýin sorag-jogap alyşdylar, her bir pudagyň amala aşyrýan işleri bilen gyzyklandylar. Bu göçme okuw sapagy talyplarda örän uly täsir galdyrdy.

Iki gün dowam eden sergi örän täsirli geçdi. Serginiň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.