Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogyny almak ugrunda geçirilen bäsleşik

31.05.2022

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolan energetika, ulag we suw diplomatiýasyny, onuň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmek maksady bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň emin agzalarynyň toparyny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de «Türkmen Logistika» Milli Assosiasiýasynyň wekilleri düzdi.
Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça talyp ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaga we tejribede ulanmaga gönükdirilendir. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
Bäsleşik çekeleşikli geçip, onuň netijeleri boýunça Baş baýraga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, 1-nji orna Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, 3-nji orna bolsa, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar mynasyp boldular.  Bäsleşikde ýeňiji bolan topara  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogy, gatnaşyjylara bolsa Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty