Özbek wekiliýeti bilen geçirilen iş duşuşygy

01.06.2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne, Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary Bahtiýor Rahimowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentliginiň garamagyndaky “Türkmenawtoulaglary” Agentliginde, döwlet edara gurluşlarynyň we ulag pudagynyň hususy gatlagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-özbek iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda halkara awtoulag ýük daşamalarynyň ýagdaýy barada maglumat alyşdylar. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky bitarap zolaklarda çekijileri çalyşmasyzdan ýük daşamalary adaty amala aşyryş tertibine gaýdyp getirmek, şeýle hem deň hukukly esasda ýygymlaryň we tölegleriň möçberine täzeden garamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, gün tertibinde ýük resminamalaryny sanlaşdyrmagyň, “bitewi penjire” ulgamynyň we gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň beýleki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag pudagynyň hususy gatlagynyň bähbitlerine wekilçilik etmek bilen,  “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýük daşamalary guramak işini kämilleşdirmek we ýönekeýleşdirmek boýunça, hususan-da ýük daşaýjylaryň daşary ýurtlaryň çäklerinden geçişini düzgünleşdirýän rugsatnama ulgamlarynyň (dozwollaryň) sanly resminama dolanşygyna geçmek,  nagt däl tölegler arkaly serhet nokatlarynda töleg amallaryny ýönekeýleşdirmäge niýetlenen bitewi penjire ulgamyny girizmek, şeýle hem iki ýurduň çäklerinde Karnet TIR ýaly halkara ulag resminamalaryny düzgünleşdirmek we hasaba almak boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdi.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar iki ýurduň ulag pudagyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen ähli ylalaşyklaryň, bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.