Türkmenistan we Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

08.06.2022

2022-nji ýylyň iýun aýynyň 8-ne, Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň ulag edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Çehiýa Respublikasynyň Ulag ministrliginiň, “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň hem-de “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň demirýol üstaşyr mümkinçilikleri we Çehiýa Respublikasy tarapyndan ulanylýan, Merkezi Aziýa ýurtlaryna çykýan esasy ulag geçelgeleri barada bellenip geçildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem logistiki hyzmatlary pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljekgi mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda, taraplar duşuşyga gatnaşandyklary üçin birek-birege minnetdarlyk sözlerini aýdyp, dostlukly ýurtlaryň arasynda bellenen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.