Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek maksat edilýär

15.06.2022

Iýun aýynyň 15-ne Türkmenistanyň we Hindistanyň işewür toparlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelike gurnaldy. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Ikinji Sekretary hanym Kanişka Sinh we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Agzalar bilen işleşmek we halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygy hanym Maral Sarygulowa duşuşyga gatnaşyjylara giriş sözleri bilen ýüzlendiler.
Strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşmaga türkmen tarapyndan Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Dokma toplumynyň, Türkmenistanyň senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň we “Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Hindistanyň işewür toparlarynyň adyndan Maduraý şäheriniň oba hojalyk we azyk Söwda edarasynyň prezidenti, Eksporty goldamak boýunça merkezininiň başlygy hem-de Eksporty goldamak boýunça merkezininiň başlygynyň orunbasary çykyş etdiler.
Türkmenistanyň we Hindistanyň işewür toparlarynyň duşuşygy 2022-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet derejesindäki iş saparynyň dowamynda kabul edilen ylalaşyklar bilen baglanyşykda gurnalyp geçirildi.