2021-2022-nji okuw ýyly üçin ulag diplomatiýasy boýunça fakultatiw okuw sapaklary tamamlandy

16.06.2022

Türkmenistanyň Daşary işler  ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  hem-de “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň bilelikäki çäreleriniň meýilnamasynyň çäklerinde, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 16-na talyplar üçin şu okuw ýylynyň jemleýji sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryna bagyşlandy.
Fakultatiw okuw sapaklary Türkmenistanyň Daşary işler  ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw merkezi bilen bilelikde ýörite tassyklanan “Ulag diplomatiýasy” okuw meýilnamasy esasynda geçirilýär. Talyplara bu fakultatiw okuw sapaklaryna işjeň gatnaşandyklary üçin Şahadatnamalaryň dabaraly gowşurylyş çäresi 2022-nji ýylyň 20-nji iýunyna meýilleşdirilýär.