Ýokary okuw jaýlaryň ýöriteleşdirilen hünärleriniň talyplary “At – abraý” ulag kärhanasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

10.06.2022

2022-nji ýylyň iýun aýynyň 9-na Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary üçin “At – abraý” ulag we ekspeditorçylyk kärhanasynyň edara binasynda nobatdaky göçme okuw sapagy geçirildi.
2013-nji ýyldan bäri ulag we ekspeditorçylyk pudagynda iş alyp barmakda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meşhur bolan “At – Abraý” hojalyk jemgyýeti, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň esaslandyrylmagynyň başynda duran kärhanalaryň hem biri bolup durýar. Kärhananyň işçiler topary – islendik görnüşli ýüküň iň gysga wagtlarda, amatly bahalar boýunça doly derejede we ýokary hilli daşamasyny gurnamagy başarýan ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Bu bolsa, müşderiler sanawynyň giňelmegine, onuň netijesinde ulaghananyň giňeldilmegine, ammar hojalygynyň döredilmegine, deňiz arkaly ýük ekspedirleme işleriniň amala aşyrylmagyna, Azerbeýjanda, Gruziýada we Türkiýede şahamçalaryň, Özbegistanda wekilhananyň açylmagyna esasy sebäpleriň biri boldy. “At – Abraý” hojalyk jemgyýeti ISO, SGS şahadatnamalaryna eýe bolup, şeýle-de WCA WORLD halkara assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar, bu bolsa türkmen kärhanasyna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän ýokary ynamy görkezýär.
Ýurdumyzyň uly ulag we logistika kärhanalarynda talyplar üçin şeýle göçme okuw sapaklaryň geçirilmeginiň esasy niýeti – geljekki hünärmenleri Türkmenistanyň ulag syýasatynyň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak, talyplara ulag kompaniýalarynyň alyp barýan işleri barada düşünje bermekdir.
Goşmaça okuw sapaklary Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň bilelikdäki ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasynyň çäklerinde gurnalyp geçirilýär.
Ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin geçirilýän goşmaça sapaklara ulag kärhanalarynyň hünärmenleriniň çekilmegi 2021-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilip gelinýär we geljekki halkara gatnaşyklary we ulag ulgamlarynyň hünärmenleriniň kämilleşmesi üçin möhüm tejribe bolup durýar.