Ulag diplomatiýasy boýunça fakultatiw okuwyny tamamlan talyplara Şahadatnama gowşurylyş dabarasy geçirildi

21.06.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-2022-nji okuw ýylyndaky ulag diplomatiýasy boýunça fakultatiw okuwyny tamamlan talyplara şahadatnama gowşurylyş dabarasyna bagyşlanan aýdym-sazly maslahat geçirildi.  Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnalan bu maslahata “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň wekilleri gadyrly myhmanlar hökmünde gatnaşdylar.
Agzalan iki ýokary okuw jaýlarynyň ylmy we okuw işleri boýunça prorektorlary maslahata gatnaşýan talyplara we mugallymlara ýüzlenip, Türkmenistanyň ulag syýasaty we diplomatiýasy boýunça berilen bilimleriň talyplara geljekde Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynyň ösüşine öz saldamly goşantlaryny goşjak ussat hünärmenler bolup ýetişmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.
Okuw ýylynyň dowamynda bu ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary bilen Assosiasiýanyň ussat hünärmenleri Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň dürli ugurlary boýunça umumy we amaly sapaklary, seminarlary, “tegelek stollary”, şeýle hem geljekki hünärmenleri ýurduň ulag-logistika kompaniýalarynyň ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, göçme okuw sapaklaryny gurnadylar.
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby Kerim Nurgeldiýew ähli talyplaryň adyndan minnetdarlyk bildirip, geçirilen umumy sapaklaryň, şeýle hem ulag we logistika kompaniýalarynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin gurnalan göçme okuw sapaklarynyň örän gyzykly we täsirli geçendigini aýratyn belläp geçdi.
Maslahatyň ahyrynda, okuw maksatnamasyna işjeň gatnaşandyklary üçin diňleýji talyplara Şahadatnamalar, şeýle hem “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň Müdiriýet agzalaryna ýokary okuw jaýyň adyndan Hoşallyk hatlary gowşuryldy.