Iýul aýynyň 18-19-na Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu maslahatyň maksady, pandemiýadan soňky gaýtadan dikeldiş, halkara ulag pudagynda täze hakykatlara uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň howandarlygy esasynda gurnalýar.
Bu abraýly çäräni milli ulag kärhanalaryň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan işlerini giňeltmek, şeýle-de türkmen döwlet guramalarynyň, iri logistiki institutlarynyň we ulag-logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek maksady bilen her ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň hökümeti milli we sebitara aragatnaşyklary ösdürmekde, esasanam üstaşyr infrastrukturany (gara ýol, demir ýol we howa infrastrukturasyny) ösdürmekde, şeýle hem üstaşyr geçirijiligi çaltlandyrmakda, maýa goýumlary höweslendirmekde we diwersifikasiýalaşdyrmaklykda möhüm sepgitlere ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Durnukly ulag boýunça global maslahatlaryň kararlarynyň durmuşa geçirmekde toplan baý tejribesi, maslahata gatnaşyjylar üçin peýdaly bolup biljekdir. Türkmenistan hem durnukly ulag pudagynda möhüm başlangyçlary öňe sürüp çykyş edipdi.
Maslahatyň işinde Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Ara alyp maslahatlaşyljak esasy soraglar:
- Ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky gaýtadan dikeldilişi: täze kynçylyklar we mümkinçilikler;
- Ulag – kommunikasiýa toplumyny sanlaşdyrylyşy: geljege göz aýlamak;
- Durnukly ulagyň ekologiki taraplary – ýaşyl infrastrukturany ösdürmek;
- Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň geljegi;
- Ulag – kommunikasiýa toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň oruny.
Maslahatyň mejlislerine we panel gepleşiklerine köp sanly halkara guramalarynyň we maliýe guramalary bolan – BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky we Türkmenistanda akkreditasiýa edilen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşarlar. Maslahatyň çäklerinde geçiriljek işewür ýygnaklar, gatnaşyjylaryň halkara ýük daşamalary pudagynda çekilip bilinjek maýa goýumlaryň mümkinçilikleri barada düşünjelerini ýokarlandyrar we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine oňyn täsir eder.
Maslahata Zoom Professional platformasy arkaly hem onlaýn görnüşde hem gatnaşmak mümkinçiligi bolar. Has giňişleýin maglumatlary almak üçin “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň iş ýerine ýüz tutup bilersiňiz.