“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatynda işjeň gatnaşdy

21.07.2022

Halkara maslahaty iýul aýynyň 18-19-y aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň howandarlygy astynda gurnalyp, halkara we ýerli ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, logistiki guramalarynyň, döwlet we hususy pudagyň wekilleriniň, maliýe guramalarynyň we iri maýadarlaryň, şeýle hem ulag we logistika pudagynyň halkara bilermenlerini özünde jemledi. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bu çäräniň bilelikde guramaçysy hökmünde çykyş etdi. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahata gatnaşyjylaraýüzlenip iberen gutlag haty okaldy.

Maslahatyň plenar mejlisinde Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň (ICTD) Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň(UNECE)  Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Mariýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) ulag, ulag-aragatnaşyk we logistika, ykdysady bölümleriniň ýolbaşçysy  F. Kormilitsyn we başgalar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Özleriniň gyzykly mowzuklary astynda Merkezi Aziýada ulag we logistika boýunça hyzmatdaşlygyň başlygy Larisa Kislýakowa, Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň (CILT Central Asia) baş sekretary Ýerbol Muhaýew, Gruziýanyň ekspeditorlar assosiasiýasynyň baş sekretary Zurab Şengeliýa we USAID guramasynyň Merkezi Aziýada söwda maksatnamasynyň (TCA USAID) ulag we logistika boýunça utgaşdyryjysy Aýžan Beýseýewa maslahatyň aýry-aýry bölümlerini alyp bardylar hem-de çykyş etdiler. Şunuň bilen birlikde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bolan ýerli ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlary maslahata adaty hem-de onlaýn görnüşinde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Larisa Kislýakowa, Merkezi Aziýada ulag we logistika boýunça hyzmatdaşlygyň başlygy
Zurab Şengeliýa (çepde), Gruziýanyň ekspeditorlar assosiasiýasynyň baş sekretary

Işewürlik ýagdaýda maslahata gatnaşyjylar “Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar”, “Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. “Ýaşyl” infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny” ýaly mowzuklar astynda giňişleýin pikir alyşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ähliumumy ulag hyzmatlary bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň geografiýasy we dinamikasy halkara ýük daşamalarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, töwekgelçilige gözegçilik etmegi we logistika çykdajylaryny hasaba almak bilen ulaglaryň we ähli görnüşleriniň gatnaşmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyndaky milli we sebitleýin taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we hereket edýänleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça uzak möhletleýin meýilnamalary göz öňüne almak bilen,  Ýewraziýa giňişliginde ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda teklipler edildi.

Kadr orient.tm degişli bolup durýar

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi.

Kadr orient.tm degişli bolup durýar

Iş mejlisleriniň ahyrynda, ulag ulgamynyň ösmegine özleriniň goşan saldamly goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň wekillerine sylaglar gowşurmak dabarasy boldy.
Maslahatyň işi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegine, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline, şeýle hem Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna gezelençleri amala aşyrdylar.