2022-nji ýyl boýunça FIATA-nyň Umumy ýygnagy geçirildi

30.06.2022

2022-nji iýun aýynyň 30-na FIATA – ýagny, Ekspeditorçylyk Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Umumy ýygnagy geçirildi. Çäräniň gün tertibinde guramanyň işini kämilleşdirmek, 2021-nji ýyl boýunça audit we maliýe hasabatlary bilen tanyşdyryş, guramanyň Tertipnamasyna üýtgeşmeler girizmek ýaly meseleleriň üstünde durup geçilip,  2023-nji ýyl üçin býujeti, şeýle hem her ýylky agzalyk tölegleriniň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasy tassyklandy.
Ýygnagyň ahyrynda, şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Busan şäherinde geçiriljek FIATA 2022 Bütindünýä kongresiniň tanyşdyryş wideo ýazgysy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.