“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geçirilen işewürlik forumyna gatnaşdy

02.07.2022

2022-nji ýylyň iýul aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
Türkiýe Respublikasy, Türkmenistanyň köneden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi, eksport-import mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, söwdanyň mukdaryny artdyrmaga we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge kömek edýär.
Iki sessiýadan ybarat bolan duşuşygyň çäklerinde, gatnaşyjylar iki ýurduň dürli ugurlardaky eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň şertleri, syýahatçylyk we oňa ugurdaş hyzmatlar pudagynda, şeýle hem ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri çykyş etdiler.
Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlaryna Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-türk toparynyň Türk böleginiň başlygy hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň Türk böleginiň başlygy wekilçilik etdiler.
Forumyň netijelerini jemlemek bilen, iki tarap hem, duşuşygyň dowamynda düýpli we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň peýdasyna konstruktiw we işewür pikir alyşmalaryň geçendigini bellediler.