Türkmenistan Demirgazyk-Günorta halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerini artdyrýar

09.08.2022

2022-nji ýylyň awgust aýynyň 8-ne durkuny  täzelemegi meýilleşdirilýän Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan döwlet awtoulag ýolunyň bir bölegi bolan Garabogaz köl aýlagynyň üstünden gurulýan täze awtoulag köprüsiniň düýbi tutuldy. Köprüniň düýbüni  tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, hökümet we maliýe-senagat toplumynyň agzalary, desganyň taslamasyny we gurluşygyny amala aşyrjak “Altkom” Ýol gurluşyk” kompaniýasynyň başlygy Aleksandr Tislenko dagylar gatnaşdylar.
Iki taraplaýyn we iki zolakly köpriniň umumy uzynlygy 354 metra, ini bolsa 21 metra barabar. Şeýle hem, iki ýylyň dowamynda köprä barýan ýollar, sürüjiler we ýolagçylar üçin dynç alyş merkezleri, myhmanhana, tehniki hyzmat merkezleri, awtobus duralgalary, ulag serişdeleriniň agramyna we ölçeglerine gözegçilik etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlar, yşyklandyryş enjamlary, ýol belgileri gurlar.
Täze köpri we awtoulag ýolunyň durkunyň täzelenmegi Türkmenistanyň sebitleýin we kontitel derejesinde iň wajyp ulag-üstaşyr merkezi hökmünde tutýan ornuny has hem güýçlendirer. Şol bir wagtyň özünde, täze köpri ýurduň gündogar we demirgazyk sebitleriniň arasynda ýük daşamagyň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrar. Iki ýurduň ulag-logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin, täze köprini gurmagyň ähmiýeti we oňa bildirilýän isleg barada 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda nygtalyp geçildi.