14-nji awgustda deňize çykalgasy bolmadyk we ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halkara konferensiýasynyň çäklerinde, daşary ýurtly myhmanlar üçin Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleriniň sergisi geçirildi. Serginiň umumy maksady, häzirki wagtda deňiz, gury ýer we howa ýollary öz içine alýan dünýä derejesindäki iri ulag-üstaşyr merkeziniň emele gelýän ýeri bolan Hazar sebitiniň ähmiýetini tanyşdyrmakdan, şeýle hem ulagyň ähli görnüşleri arkaly dürli ýükleriň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna, şol sanda deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlara Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr geçirilmegi üçin ulag infrastruktura mümkinçiliklerini hödürlemekden ybarat.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň parom we ýolagçy terminaly uly sergi meýdançasyna öwrüldi. “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, hem-de “Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy”, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ ýaly logistika kompaniýalary, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň sergi stendlary ýokary netijeli ulag infrastrukturasynyň emele gelýändigini, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň ýük daşaýjylarynyň ulag gatnawlarynyň we hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we maýa goýum işjeňligi üçin şertleriň döredilýändigini görkezýär.