Deňize çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halkara konferensiýasynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi

24.08.2022

2022-nji ýylyň awgust aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň ýolbaşçylygynda maslahat geçirildi. Maslahatyň maksady, 2022-nji ýylyň 15-16 awgusty aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen halkara konferensiýasynyň jemlerini, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň bu çärede eden çykyşyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar.
Türkmenistanyň  Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory öz çykyşynda maslahatyň esasy soraglarynyň üstünde durup geçdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň ulag-logistika toplumynyň agentlikleriniň we assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň prorektorlary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory

Çykyş edenler, konferensiýanyň hem-de onuň çäklerinde daşary ýurtdan gelen hyzmatdaşlar bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti barada bellediler. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary öz çykyşynda, ýurdumyzyň ulag kompaniýalaryny-Assosiasiýanyň agzalaryny Hormatly Prezidentimiziň ulag we logistika pudagyny ösdürmek üçin öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmeklige çekmegiň ähmiýeti barada aýratyn belledi.