Türkmen delegasiýasy Astrahan portunda ýerleşýän  “Lotos” aýratyn ykdysady zolagy bilen tanyşdy

25.08.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky ulag agentlikleriniň, şeýle hem “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bolan hususy ulag kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat  Türkmen delegasiýasy, 25-nji awgustda iş saparynyň çäklerinde portda ýerleşýän aýratyn ykdysady zolagyna bardylar. Bu ýerde Türkmenistanyň logistika merkezi döredilip, ol “Demirgazyk-Günorta” ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, hem-de “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri

Türkmen delegasiýasy general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz-derýa institutynda geljekk hünärmenleriň taýýarlanyşy bilen tanyş boldular we logistika, ulag, söwda we gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Soňra myhmanlar hut şol günüň dowamynda Olýa deňiz portunyň tanyşdyryş ekskursiýasyny amala aşyryp, “Flotproýekt” we PF “WTS-port” gurluşyk býurolaryna hem bardylar.
Tanyşdyrylyş ekskursiýalarynyň dowamynda kärdeşler özara tejribe paýlaşdylar we hyzmatdaşlygyň oňyn taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Astrahan Ulag ulgamynyň wekilleri