Türkmenistan we Täjigistanyň ulag ulgamynyň işgärleriniň arasynda geçirilen iş duşuşygy

02.09.2022

2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň arasynda maslahat geçirildi. Maslahata «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary» Agentlikleriniň, «Türkmen Logistika» Milli Assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Halkara awtoulag daşaýjylarynyň Assosiasiýasynyň (THADA), «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň, şeýle hem «Täjikwneştrans» ÝGPJ-nyň we “Täjik demir ýoly” Döwlet unitar kärhanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda, “Hytaý-Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe” halkara ulag geçelgesi boýunça Hytaýdan Ýewropa ýük gatnawlaryny guramak barada birnäçe wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu geçelgäni ulanmagyň oňyn netijelileri berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem, Täjigistanyň Ulag ministrliginiň wekili tarapyndan Kulma-Kulýab-Türkmenistan geçelgesiniň ugry boýunça multimodal ýük gatnawlaryny guramak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tanyşdyryldy. Taraplar geljekki duşuşyklarda hem bu meseläni öwrenip, pikir alyşmak barada ylalaşdylar.