Sentýabr aýynyň 6-na wideo-aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Päkistan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga iki ýurduň 20-den gowrak hökümet we işewür guramalarynyň, şeýle hem “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy.
Duşuşygyň esasy mowzugy, iki ýurduň arasyndaky söwda we işewür gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşjak hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Päkistanyň Global işewür birleşiginiň ýolbaşçysy jenap Muhammet Asif Nur giriş sözi bilen ýüzlenip, bu duşuşyk iki ýurduň söwda we işewür toparlarynyň arasyndaky geljekki ikitaraplaýyn geňeşmeleriň başlangyjy boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem, Päkistanyň Global işewür birleşiginiň wise-prezidenti jenap Ahmad Ikram Lone, duşuşyga gatnaşyjylary Päkistanyň dokma, oba-hojalygy we senagat pudaklarynyň gazananlary we tejribeleri bilen tanyşdyrdy.
Ikitaraplaýyn işewür duşuşykda, taraplar şeýle geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümligini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gyzyklanma bildirdiler.