Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

09.09.2022

Sentýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň söwda-senagat edaralarynyň arasynda wideo aragatnaşygy arkaly onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle-de “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň birinji wise-prezidenti Suleman Çawla we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Serdar Saparow dagylar giriş sözleri bilen çykyş edip, döwletleriň arasyndaky ösüp barýan strategiki hyzmatdaşlygyň saýasynda bu duşuşygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygy has hem kämilleşdirmek maksady bilen, Pakistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri söwda-senagat pudagynyň delegasiýasy bilen Türkmenistana gelmek, şeýle hem ýakyn wagtlarda türkmen delegasiýasyny öz ýurtlaryna çagyrmak isleýändiklerini aýratyn bellediler.
Soňra duşuşyga gatnaşyjylara “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň ýerine ýetirýän işleri barada tanyşdyryş çykyşy görkezildi. Pakistan tarapy bu görkezilen çykyş üçin minnetdarlyk bildirdi.
Onlaýn-duşuşygyň netijesinde, taraplar birek-birege üçin çuňňur minnetdarlyk sözlerini aýdyp, ähli pudaklarda, şol sanda ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.