“Lapis-Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça geçirilen maslahat tamamlandy

08.12.2022

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-ne, “Lapis  Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan, garyşyk şekilde geçirilen 3-günlük sebitleýin maslahaty tamamlandy. Maslahatyň 2-nji we 3-nji günlerinde, Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar bölüminiň ýolbaşçysy we baş hünärmen, Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň esaslandyryjylar geňeşiniň agzasy, şeýle hem ulag proseduralaryny we baglanyşyklylygyny ýönekeýleşdirmek boýunça halkara derejeli ekspertler özleriniň prezentasiýalary bilen çykyş etdiler.
Çäräniň maksady – halkara Lazurit geçelgesini durmuşa geçirmegiň strategiýasyny tanyşdyrmak. “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga girýän ýurtlara goldaw bermek maksady bilen, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlangyçlary esasynda ýörite strategiýa we ony durmuşa geçirmek boýunça işleriň meýilnamasy işläp düzüldi.
Maslahata gatnaşyjylar “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge goldaw bermek üçin geljekki ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlediler.