“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen “Azerbaýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalary” Assosiasiýasy Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler

21.09.2022

 “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy (TLA) we “Azerbaýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň Assosiasiýasy Özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekildiler.
Ähtnama assosiasiýalaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem olaryň agzalygyna girýän türkmen hem-de azerbaýjan kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, Ähtnama taraplaryň arasynda maglumat hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we hyzmatdaşlary dogry saýlamakda ýardam bermäge mümkinçilik döredýär.
Web portalynyň salgysy: www.ffaa.az. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary sebitde işlemek boýunça dürli görnüşli maslahatlar almakda täze hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.