“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy hem-de onuň agzalary türkmen-rus işewürlik-forumyna gatnaşdylar

20.01.2023

2023-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda türkmen-rus işewürlik forumy geçirildi. Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has hem berkitmekde wajyp ädim boldy. Iki ýurduň pudaklaýyn edaralarynyň, iri önümçilik strukturalarynyň we işewür kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen işewürlik duşuşygynda, senagat hyzmatdaşlygy pudagynda, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika, oba hojalygy we azyk eksporty pudaklarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikirler alyşylyp, teklip berildi. Işewürlik forumynyň çäklerinde ulag pudagyndaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi. Deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçilikleri, şeýle hem onuň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesindäki orny duşuşygyň esasy temalary boldy. Duşuşykda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary çykyş edip, Assosiasiýanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy.

Işewürlik forumynyň 2-nji gününde ulag pudagy boýunça köpsanly özara duşuşyklar geçirilip, olara “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynda agzalyk edýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň hökümet edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşuklaryň dowamynda, özara bähbitli täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ileti tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.