Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky işewür gatnaşyklar giňelýär

21.02.2023

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Rumyniýanyň Prahowa žudesiniň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan onlaýn duşuşyga gatnaşdylar. Bu çäre taraplary birek-biregiň ykdysady we maýa goýum kuwwaty bilen tanyşdyrmaga hem-de işewürleriň arasyndaky aragatnaşygy giňeltmäge bagyşlandy.
Assosiasiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Aýratynda, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr merkezi hökmündäki artýan orny we Gara deňzi – Hazar deňzi üstaşyr geçelgesiniň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygy jemläp, taraplar mundan beýläk hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.