Elektron we nawigasion plombalaryny demirýol ýük gatnawlarynda ornaşdyrmaga bagyşlanan duşuşyk

03.03.2023

2023-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly “Elektron we nawigasion plombalarynyň demirýol ulagynda ýük gatnawlary amala aşyrylanda ulanyşynyň tejribesi” atly tema bagyşlanan tegelek stol çäresine gatnaşdylar. Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň Sekretariaty tarapyndan guralan bu çärä, şeýle hem, Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň demirýol edaralarynyň we kärhanalarynyň we iri ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň gün tertibine laýyklykda, 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde gol çekilen  Ýewraziýa ykdysady bileleşigiň çäginde nawigasion plombalary ulanmak baradaky Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjy taraplar demir ýol ulaglarynda ýük daşalanda nawigasion plombalaryny ulanmak boýunça geçirilen synaglarda gazanylan tejribe barada çykyş etdiler. Tegelek stol özara pikir alyşmalar görnüşinde dowam edip, taraplar agzalan enjamlary ýük gatnawlaryna ornaşdyrmak boýunça öz pikirleri we iň amatly çözgütleri bilen paýlaşdylar. Duşuşykda agzalan käbir hukuk namalary Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň elektron kitaphanasynda ýerleşdiriler (https://icctt.com/elektronnaya-biblioteka).