Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Ykdysady gümrük düzgünleriniň üstaşyr ulag geçirijiligi ösdürmekdäki ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty geçirildi

11.05.2023

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň çakylygy boýunça, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary – “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ, “Beýik ýüpek ýoly” HK, “Mermer kenar” HK, “Dury gözli türkmen laçyny» HJ, «Takyk topar» HK, «Nurly Günbatar» HK şu ýylyň 10-njy maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portynda geçirilen pudagara okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Şeýle-de, bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň weterinar we karantin gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş eden Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşyjylary ykdysady gümrük düzgünleriniň ulanylyşy, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine” täze girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, maglumat tehnologiýalarynyň  halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekdäki orny bilen tanyşdyrdylar.         

Şeýle-de, okuw maslahatynyň dowamynda Assosiasiýanyň agzalaryna döwlet edaralary bilen gümrük-üstaşyr amallaryny we gümrük dellallarynyň işini kämilleşdirmek boýunça garaýyşlaryny we tekliplerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredildi.