23-nji maýda Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşi (CCTT) wideoaragatnaşyk arkaly Deňiz logistikasy boýunça iş toparynyň mejlisini geçirip, oňa 9 ýurtdan 90-dan gowrak wekil, şol sanda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
FESCO ulag toparynyň Geňeşiniň başlygy A.W.Sewerilowyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärede Russiýa, Hytaý, Hindistan we Wýetnam portlarynyň arasynda täze we bar bolan hyzmatlaryň ösdürilmegi, balyk önümlerini Uzak Gündogar portlaryndan Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta-Gündogar Aziýa portlaryna daşamak meseleleri hem-de deňiz gatnawlary üçin Hindistanyň ulag we logistika merkezini ulanmagyň taslamasy ara alyp maslahatlaşdy.
FESCO kompaniýasynyň wekilleri gatnaşyjylary işe girizilen täze Hytaý – Hindistan – Sankt-Peterburg, Hytaý – Sankt-Peterburg, Wýetnam – Russiýa, Türkiýe – Noworossiýsk ýük gatnawlary, Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryna ýola goýulmagy meýilleşdirilýän Deep Sea we intermodal gatnawlary bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşykda çykyş eden Russiýanyň Hindistandaky söwda wekili Aleksandr Rybas, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän gündogar şahasy boýunça multimodal ýük akymynyň 2025-nji ýylda 5 million tonna çenli artmagyna garaşylýandygyny belledi. Şeýle-de, bu gatnaw boýunça konteýner ýükleriniň Hindistanyň Mundra we Nava Şewa portlarynyň üsti bilen Hindi ummanyna çykmagyna mümkinçiligiň döredilendigi nygtaldy.
Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda, 28-nji sentýabrda Sankt-Peterburg şäherinde “Exposolution Group” we “ASORPS” kompaniýalarynyň bilelikde guramagynda “Üznüksiz sowadyjy zynjyry boýunça halkara konferensiýanyň” geçiriljekdigi habar berildi.
Duşuşykdan soň, iş toparyna gatnaşyjylar Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň 2023-nji ýyldaky deňiz logistikasy boýunça iş meýilnamasyna gol çekdiler.