
Aprel aýynyň 1-3 aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde Halkara ulag-logistika forumy geçirilýär. Forum halkara guramalaryň, öňdebaryjy ulag we logistika kompaniýalarynyň, ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanalarynyň, şeýle-de port we ammar infrastrukturasynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Forumyň çäklerinde halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ýük we ýolagçy logistikasy, sanlylaşdyrma, innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de pudagy kadalaşdyrmagy kämilleşdirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Esasy üns durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ulag baglanyşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär.
Çärä Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem “Türkmen Logistika” Assosiasiýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen tarapynyň gatnaşmagy ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we dünýä ulag-logistika ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatyny tassyklaýar.




