Türkmenistanyň ýük daşaýjylary üçin täze gözýetimler açylýar.

15.05.2021

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Lipetsk oblastynyň Söwda-senagat edarasy” Birleşiginiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Lipetsk oblastynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk 14-nji maýda onlaýn görnüşde geçirildi. Duşuşyga “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, “Lipetsk Söwda-senagat edarasy” Birleşiginiň prezidenti Anatoliý Goltsow ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendiler. Türkmenbaşy dokma toplumynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy bölümleriniň wekilleri hyzmatdaşlyk boýunça tekliplerini hödürlediler. Garşylyklaýyn teklipler Lipetsk oblastynyň administrasiýasynyň, Lipetsk oblastynyň oba hojalygy bölümleriniň, Nowolipetsk metallurgiýa zawodynyň, “Авикс Групп” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň, ” Красный посёлок” Daýhan (fermer) hojalygynyň we “Let’s Trade” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan hödürlenildi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Lipetsk oblastynyň kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ýük daşaýjylary üçin täze gözýetimler açýar. Türkmenistan bilen Russiýa biri-biri bilen serhetleşmese hem, döwletleriň arasynda Hazar deňzi we goňşy ýurtlar arkaly aragatnaşyklaryň ähli görnüşleri ýola goýulan. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bolup durýan ulag we logistiki kompaniýalar ähli görnüşli harytlaryň daşamalaryny guramaklyk üçin ähli mümkinçiliklere eýedirler. Wideo arkaly duşuşyk olar üçin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we ähtimal müşderileri tapmaga mümkinçilik berdi.