«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy (TLA) agzalyga esaslanýan, birleşen raýatlaryň we ýurudik şahslaryň – Türkmenistanyň ulag we logistika ulgamynda işi amala aşyrýan telekeçileriniň umumy bähbitlerini goramak hem-de Tertipnamalaýyn maksatlaryny gazanmak üçin bilelikdäki işlemegiň esasynda döredilen meýletin we öz-özüni dolandyrýan täjirçilik däl jemgyýetçilik birleşigidir.
«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy Türkmenistanyň öňdebaryjy hasaplanýan «Aziýa ulaglary» HK, «Beýik ýüpek ýoly», «Altyn ýoda» HK, «Amatly-Ýollar» HJ, «Türkmen ak ýol» HJ, «Kerwenli ýollar» HK we «Türkmenistanyň Ulag-Logistika Merkezi» AGPJ ýaly 7 sany ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalary we jemgyýetleri tarapyndan 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda döwlet tarapyndan hasaba alyndy.
Assosiasiýa döredilen gününden bäri gysga wagtyň geçmegine garamazdan, häzirki wagtda öz hatarynda 150-den gowrak bu ugurda işleýän ulag kompaniýalaryny jemlemek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar. Assosiasiýa bolan islegleriniň netijesinde agzalarynyň sany gün-günden artýandygyny belläp geçmek zerurdyr.
Assosiasiýanyň esasy maksatlary:
- FIATA (Ekspeditorçylyk Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasy), IRU (Awtoulagly daşaýjylaryň halkara birleşmesi), IATA (Howa ulagalarynyň halkara birleşmesi) ýaly halkara federasiýalaryna, guramalaryna goşulmak we işine gatnaşmak arkaly, bu guramalarda Assosiasiýanyň adyndan wekilçilik etmek.
- Türkmenistanda ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň geljekde hem ösmegine goldaw bermek;
- ýokary hilli logistika hyzmatlaryň bazarynyň emele gelmegine we dünýäniň ulag-logistika ulgamyna goşulmakda Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynda iş alyp barýan guramalarynyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
- sebitiň logistiki infrastrukturasynyň hil häsiýetnamasyny, onuň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini, halkara ulag we logistika ulgamynda Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmak;
- Türkmenistanyň çäginde logistika merkezleriniň döredilmegine ýardam bermek, sebit we global ähmiýetli ulag we logistiki ugurlaryň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;
- dünýä logistika ulgamynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň ýardam bermek, dünýä logistika bazarynyň şertlerini we talaplaryny utgaşdyrmak meseleleri boýunça Kanunçylykda bellenen tertipde halkara guramalaryň işine gatnaşmak;
- Assosiasiýanyň agzalarynyň logistika işi boýunça halkara guramalarynda, halkara we içerki ulag pudagynda wekilçilik etmek, goldaw bermek we bähbitlerini goramak;
- Assosiasiýanyň agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
- ýurduň ulag-logistika toplumyna degişli Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;
- logistika boýunça hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri guramak.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň esasy wezipeleriniň biri döwletimiziň ulag ulgamyny kämilleşdirmekde hususy pudak hökmünde öz goşandyny goşmak we ýerli ýük daşaýjy kompaniýalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Şu maksat bilen “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar alyp barmak bilen, ähli türkmen önüm öndüriji kärhanalara ýakyndan goldaw bermek üçin öz gapylaryny giňden açýar.