Beýik Ýüpek Ýolunyň taryhy

“Mähriban okyjym!

Taryh bir aýlanyp duran çarhypelek mysaly. Onuň tigri halklaryň ykballaryna nuram ýagdyrypdy, garam. Müňýyllyklar dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenlere beýik şöhrat-şany, eşretli ýaşaýşy, bagtyýarlygy – sowulmaz nury bagyş etdi.
 Beýik Perwerdigär türkmene şanly ykbal, sowulmaz döwran, tükenmez paýhas-parasat, baky bagtyýarlyk eçildi. Irki hekaýatlaryň birinde bu barada şeýle diýilýär: Orta asyrlarda ençeme yklymlary özlerine boýun egdiren, baran ilinde agzybirligi, dost-doganlygy, gülläp ösüşi rowaçlandyran türkmenleriň ykbaly, taryhy ýoly arap halyflarynyň birini gyzyklandyrypdyr. Ol danyşment-ulamalary, dana wezirlerini jemläp: «Türkmenleriň dowamly hökmürowanlygynyň hikmeti nämede? Olar baran ýerinde derrew ornaşýar, ýerli halk bilen dessine dil tapyşýar. Edeni ugruna, isleg-arzuwy wysal bolýar. Ýürekleri şiriňki ýaly batyr, mydama ruhubelent … – bularyň syry nämede? Olar barada kimden nähili gürrüň eşiden bolsaňyz, ählisini jemläp getiriň, okaýyn, öwreneýin, düşüneýin» diýipdir.
 Weziriň baştutanlygynda alymdanyşmentler döwrüň iri-iri kitaphanalaryndan maglumat toplamaga girişýärler. Baş wezir dünýäniň habaryny ülkelere ýaýýan jahankeşde söwdagärlere, kyssaçy-rawylara öz bilýän maglumatlaryny halyfyň huzuryna ugratmagy tabşyrýar.  Netijede, ýygnanan maglumatlar onlarça kitaby emele getirýär. Alymlar küt-küt kitaplaryň içinden maglumatlaryň takygyndan-takygyny saýlap, türkmenleriň artykmaçlygyny suratlandyrýan on sebäbi halyfyň dykgatyna ýetirmek üçin taýýarlapdyrlar. «Örän ajap iş etdiňiz. Şol on sebäbiň maňzyna düşünsem, onda men türkmenleriň tapawutly taraplaryna has aýdyň göz ýetirerin» diýip halyf alymlara hoşallyk bildiripdir. Soňra baş wezire garap: «Ýogsa-da, munça wagtlap bu ýazgylary senden gowy öwrenen başga biri ýok, hany, sen aýt, türkmenleriň beýle ykbally halk bolmagynyň syry, hikmeti nämede eken? » diýip sorapdyr. «Şany-şöhraty beýik halyfymyz, onuň birnäçe sebäbi, anyk subutnamasy bar, emma ýekejesini ýatlasam hem ýeterlik bolar. Türkmenler aslynda ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk.  Muny pygamberiň hadyslaram, taryhy kyssalar hem tassyklaýar. Ymmatyň ussat alymlary, ulamalary, hökümdarlary, serkerdeleri hem şolaryň neslinden çykar diýilýär. Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soňra, hökmürowan iň güýçli gerçekler hökmünde ýatlanylýar. Agzybirlige per berseler, ýeňmek, üstün çykmak, beýik bolmak olaryň ykbaly. Bu ýerde başga syr ýok» diýip, jogap beripdir.
 Ygtybarly we ynandyryjy jogapdan hoşal bolan halyf wezire garap: «Ähli toplan ýazgylaryňy bir ýere jemläp, kitap ýaz. Goý, biziň nesil-neberelerimiz hem türkmeniň şanly ykbalyny öwrensinler, guwansynlar, nusga alsynlar, olara meňzejek bolsunlar» diýip tabşyrypdyr.
Görnüşi ýaly, her bir halkyň kemala gelip, döwlet guran döwründen başlap, umumadamzat nesilleriniň öňünde ýerine ýetirýän taryhy wezipesi bolýar. Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi. Şoňa görä-de türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň – umumynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar. Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir.
Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwren altyn ýoldur. Üçünji müňýyllygyň başynda Beýik Ýüpek ýolunyň galdyran mirasyna dünýä guwanýar hem buýsanýar. Çünki ençeme halklaryň ata-babalary bu halkara söwda ýoluny ezizlediler, mähir siňdirdiler, goradylar, mukaddes sakladylar, işjeň hereket etmegi üçin ähli şertleri döretdiler. Şanly taryha guwanç bu günki gün geljekki ösüşlere ruhlandyrýar.
Garaşsyz Türkmenistanda üçünji onýyllygynyň dowamynda durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik ulgamlarynyň ählisini gurşap alan özgerişler amala aşyryldy. Düýpli özgertmeleriň baş ugry durmuş maksatly bazar ykdysadyýetiniň esasynda ösüşiň milli gurluş binýadyny kemala getirmekdir. Mälim bolşy ýaly, ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilende, öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesi şol bir durkuna däl-de, ýerli anyk ýagdaýlara mynasyp gelýänini döredijilikli utgaşdyrmak esasynda ulanmak göz öňünde tutulýar. Türkmen ykdysadyýetiniň özgertmeleri halkymyzyň milli aýratynlyklaryna esaslanýar, onuň ýeterlik derejede netijeliligi we özboluşlylygy jemi içerki önümiň, ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň ýokary görkezijilerinde öz beýanyny tapýar.
 XX asyryň ýetmiş ýylynda ýurdumyzda hereket eden sosialistik ykdysadyýetden erkin bazar ykdysadyýetine geçmek raýatlarymyz üçin, elbetde, birbada ýeňil hem däldi. Türkmenistanyň taryhynda bolsa, Beýik Ýüpek ýolunyň güllän döwürleri has uzak döwür, baryp-ha birnäçe asyrlap dowam edip, içerki hem-de daşarky söwda babatynda, diňe bir türkmen obadyr şäherlerine däl, eýsem, Günbataryň, Gündogaryň alys ýurtlaryna çenli baryp ýeten ýokary hilli oba hojalyk harytlarynyň, hünärmentçilik önümleriniň önümçiliginiň ummasyz uly tejribesi toplanypdy. Bu ýerde dokmaçylygyň ir döwürlerde nähili uly derejä ýetendigi barasyndaky subutnamalar hem ýeterlik tapylýar.
 Türkmen parçalary Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar.
 Türkmenistan, belli bolşy ýaly, aragatnaşygyň halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi üçin, geografik taýdan örän amatly ýagdaýa eýedir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr.  Hut şu maksat bilen hem biz Türkmenistanda köp ugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, bize öz milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrýan durmuş häsiýetli maksatnamalarymyzy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de mäkäm ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, giňden pugtalandyrmaga ygtybarlylygy emele getirýär.
Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin, ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk.  Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesiniň hem-de onuň yklymara ulag ugurly Gündogar–Günbatar birikmesiniň kemala gelmegi Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryna Ýewropanyň, Ýakyn, Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta, Günorta–Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary giňden açýar.
 Şeýlelikde hem, Türkmenistanyň iri halkara logistik merkez hökmünde ulag aragatnaşygynda köpugurlaýyn yklymara ulag infrastrukturasynyň kemala gelmegindäki hyzmaty ählitaraplaýyn integrasiýanyň gyzyklanmalaryna hem-de ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, biz halkara ölçegleriniň iň ýokary talaplaryny ödeýän döwrebap terminallary, demir ýol menzillerini, deňiz portlaryny, inžener-tehniki maksatly binalary gurmagy dowam edýäris.
 Şularyň ählisi-de häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döremegine ýol açýar, ulag-aragatnaşyk ulgamynda araçäkleşýän ýurtlarymyz bilen ikitaraplaýyn hem-de köpugurlaýyn hyzmatdaşlygyň uly gerim bilen rowaçlanmagyna itergi berýär.
 Türkmenistandan eksport edilýän önümleriň esasy görnüşleri hökmünde tebigy gaz, nebit önümleri, organiki däl himiýa önümleri, pagta süýümi, matalar hem-de nah ýüplükler, taýyn dokma önümleri, buýan köküniň melhemi hem-de deri, ýüň, duz, ýod, kükürt, sement we beýleki önümler bellenilmelidir. Import harytlarynyň sanawynda ilki tehnologik enjamlar, gara metal önümleri, elektrik maşynlary hem enjamlary, ulag serişdeleri, demir ýol tirkegleri, optiki abzallaryň hem-de gurallaryň dürli görnüşleri, mebel, plastmassa önümleri we beýlekiler durýar.
Dünýäde iri gaz geçiriji bolan Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi, çeper manyda teswirlenende, ýurtlaryň hem-de halklaryň dostlugyny pugtalandyryp, döwrebap şertlerde, ýokary derejeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täzeden dörän Beýik Ýüpek ýoludyr. Şeýle hem dünýäniň bu iri gaz magistraly ýurtlaryň birnäçesiniň çäginden geçip, energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşýanlaryň ählisiniň – öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň isleglerini öwrenmeklerinde hem bähbitli bolup, munuň özi iri sebitleriň gülläp ösüşiniň hem-de durnuklylygynyň pugtalanmagyna itergi berýär.
 Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn esasdaky çägiň käni Türkmenistan– Hytaý yklymara gaz geçirijisi üçin çig mal bolup durýar. Şu çäkde ýerleşýän känleri özleşdirmegi hem-de işläp taýýarlamagy Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) amala aşyrýar. Häzirki wagtda birleşen tagallalaryň netijesinde türkmen gazy Hytaýyň köp künjeklerine, Ýuwaş ummanyň ýakalaryna çenli baryp ýetýär. Ýöne munuň özi biziň mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldir. Türkmenistanda ägirt uly uglewodorod ätiýaçlygynyň bardygyny dünýäniň meşhur bilermenleri geçirilen garaşsyz halkara auditleriniň netijelerine garap, diňe bir gezek tassyklap oňmadylar.  Ýöne munuň özi hem gözlegler netijesinde ýüze çykarylan ätiýaçlyklara degişli bolup, esasy baýlygyň diňe bir bölegidir. Geologiýa-gözleg işlerini alyp barýan hünärmenler Türkmenistanyň ýer gatlagyny öwrenmeklerini dowam etdirip, heniz üsti açylmadyk baýlyk känleriniň hem bardygy hakyndaky maglumatlary ýüze çykarýarlar.
 Uglewodorod ätiýaçlyklarynyň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, biz nebiti we gazy çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň möçberini ýokarlandyrmak, Ýewraziýa yklymynyň dürli ýurtlaryna energogeçirijileriň eksportynyň diwersifikasiýasy boýunça gaýragoýulmasyz energetika maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegi dowam edýäris.
 Gury ýerde bolşy ýaly, deňiz giňişliginde hem täze tebigy känleri özleşdirmek boýunça uly göwrümli wezipeleri maksadalaýyk hem-de oýlanyşykly esas-da amala aşyrýarys. Dünýäniň köp ýurtlarynda uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümlerini goýbermegiň innowasion önümçiligini kemala getirýäris. Şonuň özi hem bize ähli daşary ýurt hyzmatdaşlarymyz bilen nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn bähbitli möhüm halkara gatnaşyklary üçin mümkinçilikleri açýar.
 Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has giň gerimli işler amala aşyrylmaly, bu döwür taryhy özgertmeler syýasaty bilen oýlanyşykly işlenilen düýpli meýilnamalara sary ösüşleriň ýoludyr.
 Mähriban Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetinde hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagynda nähili ornunyň bardygyna düşünip, biz tutuş sebitde durnuklylygy hem-de parahatçylygy mundan buýana hem berkitmek-de ähli başarnyklarymyzy jemleýäris, munuň özi adam zadyň geljekki ösüşleriniň hatyrasyna giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiz üçin esasy şert bolup durýar.
 Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy. Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden (häzirki Atamyrat) Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Eziz Diýarymyzyň çäginde Ýüpek ýolunyň nähili uly bolandygyna şaýatlyk edýän gadymy döwrüň uly hem-de kiçi şäherleriniň onlarçasy bardyr. Olar baradaky ýatlamalar hem ynsan hakydalaryny nurlandyrýar.
Ylmy-barlaglar Çyn-Maçyn bilen Ortaýer deňiz döwletlerini birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň Taklamekan sährasyndan başlap, esasan, iki ugur boýunça hereket edendigini tassyklady:
 Birinji ugur Demirgazyga sary rowana bolup, Týanşanyň ugry bilen Tarim derýasy boýunça Kaşgara, soňra Pamir dagynyň üsti bilen Fergana jülgesine, Samarkant etraplaryna, Amula, soňra Amyderýanyň aşak akymy bilen Aral deňzine, Wolganyň aşak akymlarynyň üsti bilen Gara deňziň Demirgazyk etraplaryna we ondan aňyrky sebitlere uzap gidýär;
Ikinji ugur Günorta bakan öwrülip, Kunlun dagynyň demirgazyk ýapgydynyň ugry boýunça Hotana, Ýarkende, Baktriýa, Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Gekatompile, Ekbatana, soňra bolsa Ahemeniler döwletiniň çäginden geçip, Siriýa döwletine tarap uzap gidýär. Ýoluň Türkmenistandan geçýän ýene-de bir şahasy Demirgazyk Hindistana, başga bir ugry Hazar deňziniň üsti bilen Günbatar döwletlerine baryp ýetýär.
 Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar.
 2016-njy ýylda – Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda çuň mazmunly wakalaryň giň gerim alandygyny şu ýerde belläp geçmek isleýärin.  Şol ýylyň dowamynda göwher käni deýin lowurdap, asyrlaryň çuňlugyndan şugla saçýan, adam zadyň mirasynda ylmy-taryhy, medeni ähmiýete eýe bolan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda uly işler amala aşyryldy.  Çünki şol ýyl her bir türkmenistanly üçin öz-özüň babatdaky bilimleriň, düşünjeleriň hem-de gözýetimleriň hakyky manysynyň aýdyňlaşdyrylýan ýyly boldy.
 Watançylyk duýgusy köňül şatlygy hem-de mertebeliligi bilen durmuş tejribeleriniň syntgylanyp, döwrüň paýhas synagyndan geçen dür dänesi deýin öwüşginli pikirlerine täze ömri serpaý etdi diýip aýtmak isleýärin. Şol ýylyň dowamynda il içinden dürli wagtlarda eşidenlerimden, kitaplardan okanlarymdan jemlenip, milli medeni taryhymyz hakyndaky pikir-oýlarymyň tutuş bir toplumy döredi. Olaryň ertirki günde has düýpli meseleleri çözmekde hem peýdasynyň boljakdygyna ynanýaryn.
 2016-njy ýylda Aşgabadyň etegindäki Paryzdepede we Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän beýleki arheologik ýadygärliklerinde arheologik gazuw-barlaglaryny we olaryň daş-töweregini gurşap oturan köne oba-kentlerde etnografik ylmy-gözleg işleriniň alnyp barylmagyna badalga berildi. Bu babatda gysga döwrüň içinde türkmen alymlarynyň, žurnalistleriň, teleradioýaýlymlaryň döredijilik işgärleriniň gazanan üstünlikleri diýseň buýsandyryjydyr.  Etnograflar gadymy obalarda saklanyp galan baý mirasyň nusgalaryny öwrenmek bilen, onuň umumadamzat medeniýetiniň ösüşini dikeltmekde tükeniksiz genji-hazynadygyny öz ylmy işlerinde ýene-de bir ýola tassykladylar.
Şol ýyl men halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy medeni baýlyklary barada «Çaý– melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplarymy halkymyza ýetirdim. Şu söhbediň esasy hem şolaryň netijesinde döredi.  Häzirki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çylşyrymly dünýäniň şertlerindäki geljekki ösüşleri bilen bagly köptaraplaýyn maksatnamalarynyň işlenilip düzülmegi düýpli häsiýetli çemeleşmeleri talap edýär. Munuň özi dünýä ykdysadyýetine, halklaryň taryhyna, geografik ýagdaýyna, medeniýetine laýyklykdaky aýdyňlygyň hem-de anyk pikirleriň kemala gelmegini hem şertlendirýär.
Watanymyzyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny hem juda uludyr. Gadymy ýoluň Hazar deňzinden günbatara, Amyderýadan gündogara, Üstýurt düzlüginden demirgazyga, Köpetdagyň gerişlerini aşyp günorta sary uzaýan ýollaryň ugry bilen türkmen medeniýeti dünýä ýaýrady, oguz paýhasynyň kökleri yklymlara uzady. Şol ýollar hem dürli medeniýetlerden bolan adamlary birleşdirdi, olaryň arasynda hem toplanylan tejribeleriň, başarnyklaryň, açyşlaryň, oý-pikirleriň, ruhy gymmatlyklaryň özara gatnaşygy kemala geldi, ynam-ynançlary ýaýbaňlandy. Netijede, Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýolunyň ýüregi – hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi.
 Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär, şeýle-de milli äheňlere uçursyz uly ähmiýet bermezden, beýleki halklaryň medeniýetine düşünmegi öwredýär ýa-da Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetleriniň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär.  Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr. Şulary nazara almak bilen, biz döwürleriň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmäge, halklaryň umumy taryhyny aýap saklamaga hem-de ony düýpli öwrenmäge, ähli ýurtlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmaga çalyşýarys.”

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň ýüregi” kitabyndan.

rfwbs-sliderfwbs-sliderfwbs-sliderfwbs-slide