«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynyň hem-de dünýä logistika bazarynyň ösüşine bagyşlanan maglumat neşiri bolan «Türkmen Logistika» elektron žurnalynyň täze sanyny okyjylara hödürleýär.
Žurnalyň täze sanynda okyjylara aşakdaky maglumatlar ýetirilýär:
- Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda bolup geçen esasy wakalaryň syny;
- gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy;
- GDA ýurtlarynda we dünýä logistika bazarynda bolup geçýän möhüm wakalar we esasy meýiller;
- ýakyn döwürde geçiriljek esasy halkara çäreler;
- awtoulag ulaglarynyň 30 ýyllyk ösüş ýoluna we onuň sanly özgerişine bagyşlanan ýörite makala.
«Türkmen Logistika» — ulag-logistika bazarynyň hünärmenleri we gatnaşyjylary üçin pudak täzeliklerini, seljermeleri, statistik maglumatlary hem-de möhüm maglumatlary özünde jemleýän döwrebap elektron neşirdir. Neşir pudakda hünär maglumatlarynyň alyş-çalşygynyň ösdürilmegine we ulag-logistika ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam etmegi maksat edinýär.
«Türkmen Logistika» žurnalynyň täze sanyny okaň we ulag-logistika pudagynyň esasy wakalaryndan habarly boluň.




