Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 12-nji sebitleýin maslahaty geçirildi. Çärä Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan, Merkezi Aziýada Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça taslamasynyň çäklerinde guramaçylyk edildi. Bu taslama Germaniýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş Federal ministrliginiň tabşyrygy boýunça durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä ýurtlary we sebitdäki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany söwda amallaryny halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň we öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlary ornaşdyrmak arkaly iş amallaryny ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekýär.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça taslama gatnaşmagy, tejribeleri alyşmaga, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça oňyn tejribeleri öwrenmäge we özara bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär.
Maslahatda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda syýasatyna jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Ösümlikler boýunça Döwlet karantin gullugynyň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça netijeli we durnukly hyzmatdaşlygy üpjün etmekdir. Çäräniň birinji güni gatnaşyjylar söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sebitde ulag ulgamynyň ösüşiniň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada ara alyp maslahatlaşdylar. Ikinji sessiýa söwda amallarynyň sanlylaşdyrylmagy boýunça sebitleýin başlangyçlara bagyşlandy. Aýratyn sessiýada söwda we logistikada hususy pudagyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ikinji güni, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça iş toparlarynyň maslahatlary geçirildi. Bu ugurlar, amallaryň sanlylaşdyrylmagy we kagyzsyz söwdanyň ösdürilmegi, Merkezi Aziýada ulag we tranzit ösüşine, aýratyn hem sebitiň ulag arabaglanyşygynyň we logistika infrastrukturasynyň ösüşine gönükdirilen konsepsiýanyň işlenip düzülmegi, elektron fitosanitariýa sertifikatlarynyň (ePhyto) ornaşdyrylmagy we MDP ulgamynyň (eTIR) sanlylaşdyrylmagyny öz içine aldy. Gatnaşyjylar, serhetara söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň we söwda amallarynyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.
Maslahatyň gatnaşyjylary şeýle hem Taşkent welaýatynyň “Çukursaý” daşary ykdysady işleriniň gümrük geçelgesine baryp, özbek kärdeşleriniň gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak babatyndaky tejribeleri bilen tanyşdylar.
Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi, wagt tygşytlylygynyň hem-de daşary söwda işlerini döwlet taýdan düzgünleşdirmek işleriniň optimallaşdyrylmagy bilen bilelikde, ýurduň halkara bäsdeşlige ukyplylygyna gönüden-göni oňyn täsir edýär. Söwda amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, şol sanda ulag we logistika ulgamlaryna sanly özgerişleriň girizilmegi, Türkmenistanyň durnukly ösüşe we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Türkmenistanyň durnukly ulag boýunça bütindünýä hyzmatdaşlyk başlangyçlarynyň öňe sürülmegine ýardam berýär.
Akmuhammet Ýusubow,
«Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary,
“Нейтральный Туркменистан” gazeti (terjime).