“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltýärler

08.02.2024

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we 2024-nji ýylyň dowamynda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasyna gol çekdiler.

Ähtnamada taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly kuwwatlygyna işletmek, portuň dünýä ulag-logistika ulgamyndaky ornuny, daşary ýurt müşderileri üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, ondan üstaşyr geçýän ýük akymyny artdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmegi, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň halkara hyzmatdaşlaryny Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň maddy-tehniki we tehnologiki kuwwaty, portuň çäginde döredilen ýeňillikler we mümkinçilikler baradaky maglumatlar bilen yzygiderli tanyşdyrmagy, özara maglumat we tejribe alyşmagy, daşary ýurt kompaniýalary we guramalary bilen hünär we işewür gatnaşyklary giňeltmekde birek-birege ýardam bermegi we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny ylalaşdylar.

Şeýle-de, taraplar tagallalaryny birleşdirmek arkaly, portuň üsti bilen ýük daşamalaryny ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bolup durýan ulag-logistika kärhanalary bilen bilelikdäki geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi ylalaşdylar.

Bilelikdäki Meýilnamada taraplar şu ýylyň dowamynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň halkara hyzmatdaşlary bolan Ekspeditorlar Assosiasiýasynyň Halkara Federasiýasynyň (FIATA), Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň (Международный Координационный совет по трансъевразийским перевозкам) agzalarynyň, Merkezi Aziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň iri ulag-logistika edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatyna bagyşlanan bilelikdäki maslahatlary, işewür forumlary, webinarlary, tegelek stollary wideoaragatnaşyk arkaly geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu çäreleriň netijeleri boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurt ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ulag-logistika kärhanlarynyň işgärleri üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägindäki terminallara we beýleki desgalara tanyşdyryş saparlaryny geçirmek hem bellenilýär.


Şeýle çäreleriň ilkinjisi şu ýylyň fewral aýynyň 14-ine ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Merkezi Aziýada Söwda maksatnamasynyň (USAID TCA) goldaw bermeginde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň Ulag we logistika boýunça Korollyk institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy (CILT Central Asia) bilen bilelikde guramagynda “Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýanyň önüm eksport edýän taraplary üçin üstaşyr merkez hökmündäki orny” ady bilen onlaýn tegelek stol çäresi görnüşinde geçiriler. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag we logistika pudagynda iş alyp barýan edaralarynyň, guramalarynyň, kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara bilermenleriniň tälim bermeginde onlaýn türgenleşik sapaklaryny guramak hem göz öňünde tutulýar. Taraplar şeýle hem ýerli we daşary ýurtly önüm öndürijileriň we ýük daşaýjylaryň Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçirjilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy üçin özara hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşleriniň üpjün edilmeginde birek-birege ýardam bermäge ylalaşdylar.