Aşgabatda Türkmen-Hytaý biznes-forumy geçiriler

25.12.2025

“Talwas Ýoly” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we “Oguz Forum & Expo” bölümçesi Türkmen Logistika Assosiasiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 28-30 aralygynda geçiriljek Türkmen-Hytaý biznes-forumyna we sergisine taýýarlyk işleriniň başlandygy barada resmi taýdan bildiriş edilýär. “Talwas Ýoly” ÝPGJ we “Oguz Forum & Expo” bölümçesi forumyň we serginiň resmi guramaçylary bolup durýarlar we çäräniň toplumlaýyn ýerine ýetirilişini, şol sanda işewürlik meýilnamasynyň işlenip düzülmegi, sergi eksposiziýasynyň gurnalmagy,  B2B we B2G duşuşyklaryň geçirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşygy üpjün edilýär. Bu çäre aşakdaky ugurlar boýunça ähmiýetli halkara platformasyna öwrülmegine garaşylýar:

  • Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek;
  • ulag-logistika, eksport we import ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • iki ýurduň pudaklaýyn kärhanalarynyň arasynda gönümel işewür aragatnaşyklary ýola goýmak;
  • Gatnaşyjylary Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak.

Guramaçylar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagy üçin ýörite şertler göz öňüne tutulan. Assosiasiýanyň agzalary 2026-njy ýylda geçiriljek Türkmen-Hytaý biznes-forumyna we sergisine gatnaşmak üçin bahalardan 10% arzanladyşa eýe bolarlar. Bu başlangyç, Türkmenistanyň logistik kärhanalarynyň goldawyna, olaryň halkara giňişliginde tanalmagyna we ýurdumyzyň sebitdäki möhüm ulag-logistika merkezine öwrülmegi ugrundaky maksatlara gönükdirilendir.

Forum barada goşmaça maglumatlar üçin:

turkmenchina.com

oguzforum.com

+99361480080