“Akel Logistika”  – Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň täze agzasy

26.12.2025

“Akel Logistika” hususy kärhanasy Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agza kärhanalarynyň hataryna goşuldy.

Kärhana deňiz we derýa ulaglary arkaly Hytaý Halk Respublikasyndan ýük daşamalary guramak boýunça işleri amala aşyrýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Iu şäherinde wekilhanasyna eýeçilik etmek bilen, “Akel Logistika” daşary ýurt  hyzmatdaşlary bilen netijeli özara hyzmatdaşlygy alyp barýar we ýük daşamalarynyň ähli tapgyrlarynda ekspeditorçylyk amallaryny üpjün edýär.

“Akel Logistika” öz alyp barýan işinde, logistika boýunça amaly çözgütleri, ýerine ýetirilýän amallaryň açyklygyny, şeýle hem müşderiler we hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekligi öňe sürýär.

Kärhananyň Assosiasiýa agza bolup goşulmagy, onuň pudakdaky professionallaryň jemgyýetine girişmeklige, olar bilen tejribe alyşmaklyga hem-de Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleriniň ösüşine gönükdirilen  başlangyçlara gatnaşmaklyga bolan höwesiniň bardygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň adyndan täze agzamyzy gutlaýarys we bu hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn bähbitli hem-de netijeli boljakdygyna berk ynanýarys!

Telefon belgileri: +99371201313 ; +99371201414

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri,Berkararlyk etrap, G. Kulyýew, “Mebel Dünýäsi” binasy