«Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Pugtalandyrylmagynda Ulag Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygyň Ähmiýeti» atly ýokary derejedäki duşuşyk

24.11.2021

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentligi tarapyndan “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, ulag pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti” atly ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” Agentlikleriniň, Daşary işler ministrliginiň, hususy pudagynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda, halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde döwletara gatnaşyklary, ulag pudagynyň durnukly ösüşine amatly şertleri döretmek ugrunda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy, şeýle hem deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ulag we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmekde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ornuna,  şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy. Howa aragatnaşygy pudagynda durnukly ösüşi gazanmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de sanly söwda we poçta aragatnaşyk ulgamlarynyň dünýä bazaryna gatnaşmaklygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda, ýurduň ykdysadyýetiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda we goşmaça ýük akymlaryny çekmekde logistika kompaniýalarynyň tutýan orny barada “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekili çykyş etdi.