“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we “Ermeni ulag işgärleriniň hem-de ekspeditorlar Assosiasiýasy” tarapyndan özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi

31.10.2022

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we “Ermeni ulag işgärleriniň hem-de ekspeditorlar Assosiasiýasy”(EUIEA) özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.
Ähtnama hyzmatdaşlygy we Assosiasiýalaryň agzalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Ol maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we geljekde hyzmatdaş saýlamakda öz tejribesi bilen amaly kömek bermäge mümkinçilik berýär.
Agzalarymyza ýüzlenmek bilen, olara täze hyzmatdaşymyzyň sebitde işlemek boýunça dürli görnüşli maslahatlaryny almak üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagy maslahat berýäris.