Türkmenistan ulag we logistika ulgamynda täze merkez döredýär.

15.07.2021

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde häzirki zaman halkara howa menzil toplumy gurlar. Onuň gurluşygy, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda milli infrastrukturamyzy giňeltmek boýunça nobatdaky bir ädimdir. Jebel Aşgabat-Türkmenbaşy ugurynyň esasy ulag çatrygy, awtoulag we demir ýollarynyň uguryndaky düşleýiş nokady bolup durýar. Taslama laýyklykda, bu ýerde ýolagçy we ýük terminallary, uzynlygy 3200 metre ýetýän häzirki zaman emeli uçuş-gonuş zolagy, iki sany ýoda hem-de alty sany uçar we dört sany dikuçar üçin niýetlenen duralga gurlar. Aerowokzal toplumynyň gatnaw mümkinçiligi sagatda 100 ýolagça deň bolar. Täze halkara howa menzili howa gatnawynda ýolagçylaryň we ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrar we logistikanyň ösüşine itergi berer.
Täze halkara howa menzil toplumynyň gurluşygy, Türkmenistan hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Kredit şertnamasy esasynda maliýeleşdirilýär. Gurluşygyň potratçysy tender arkaly kesgitlener.
14-nji iýulda ýurdumyzyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbi tutuldy. Gurluşyk işleriniň üç ýyldan soň tamamlanmagyna garaşylýar.