Ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini has-da işjeňleşdirmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek, gümrük gözegçilik nokatlarynyň işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen türkmen-özbek serhediniň Köneürgenç-Hojaili hem-de Daşoguz-Şabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden ýük awtoulag tirkeglerini galtaşyksyz tertipde geçirilip başlanandygy barada habar berýäris.