“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bilen söhbetdeşlik.

31.08.2021
“Şu günki gün – netijeli işewürlik üçin täze çözgütleriň zamany”
Oleg Anohin, “Aziýa Ulaglary” HK-nyň direktory.

Siziň kompaniýaňyz logistika pudagynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Haýsy netijeler siziň üçin has ähmiýetli boldy?

– “Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy 2007-nji ýylda esaslandyryldy. ​Logistika, gümrük taýdan resmileşdirmek we ulag ekspeditorçylygy boýunça köp ýyllyk tejribeleri bolan (10 ýyldan gowrak) hünärmenler toparymyzyň saýasynda gysga wagtyň içinde logistika hyzmatlary bazarynda öz ornumyzy tapdyk. 2009-njy ýylda “Bouygues-Turkmen” iri gurluşyk kompaniýasy bilen Türkmenistanyň çäginde logistika hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşyldy. Hünärmenlerimiziň we hödürleýän hyzmatlarymyzyň ýokary derejeli bolmagy, bizi ygtybarly we jogapkärçilikli ýük daşaýjy hökmünde tanatdy we netijede täze müşderileriň köpelmegine itergi berdi. Olaryň arasynda, şol döwürde Türkmenistanda hereket eden “Chevron”, “Exxon Mobil”, “RWE” kompaniýalaryny mysal getirmek bolar. Şeýlelikde, biziň ilki bilen ýurdumyzyň çäginde hödürläp başlan ulag we logistika hyzmatlarymyz halkara derejesine çykdy. Biziň ISO 9001: 2015 şahadatnamasyna eýe bolmagymyz, ýetirýän hyzmatlarymyzyň hiliniň we kärhanamyzyň dolandyryş ulgamynyň halkara standartlaryna laýyk gelýänliginiň subutnamasy bolup durýar.

Siziň belläp geçişiňiz ýaly, hünärmenleriň ýokary hünär derejesi, kärhanaňyzyň alyp barýan işiniň ösmegi üçin ähmiýetli boldy. Munuň bilen ylalaşman bolmaz. Ýene-de siziň kärhanaňyzy bu pudakda işleýän beýleki kärhanalardan tapawutlandyrýan zatlar näme?

– Kärhanamyzyň esasy ýörelgeleriniň biri bolan – müşderiler bilen işleşmekde, halkara standartlaryna laýyk gelýän, müşderilerimiziň bize bildirýän ähli talaplary doly ýerine ýetirmäge çalyşmakdyr. Ýerine ýetirilýän hyzmatlar halkara standartlaryna laýyk gelmegi diýip, ýene-de bir gezek nygtaýaryn. Bu bolsa, biziň logistika hyzmatlary hödürlemekde halkara standartlarynyň talaplaryndan ugur alýandygymyzy, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirmekde, ýükleri daşamakda, ýükiň bitewüligi üpjün etmekde, ammara ýerleşdirmekde we ýükleri gaýtadan işlemekde ýokary hili kepillendirýändigimizi aňladýar. Biziň maksadymyz, müşderilerimiziň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen bir hatarda, logistika hyzmatlary bazarynda öňdebaryjy orny eýelemekdir. Biz bu maksada ýetmek üçin hyzmat edip gelýäris. Şeýle-de Russiýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Germaniýa ýaly ýurtlaryň belli ulag we ekspeditorçylyk kompaniýalary hyzmatdaşlygy ýola goýduk.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda pandemiýa beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, halkara ýük daşamalara hem öz täsirini ýetirdi. Bu şertlerde nähili netijeli işler alyp barylýar? Aýratyn bir belläp geçjek usulyňyz barmy?

– Geň galdyryjy eşidilse-de, ykdysady çökgünligiň hem diňe bir kemçilikleri däl-de, eýsem artykmaçlyklary hem bar. Häzirki wagtda hemmeler, öňki amatly ykdysady şertlerde ulanylan usullara garanyňda has täsirli boljak täze çemeleşmeleri işjeň gözlemäge mejbur bolýarlar. Täsirli işewürlik üçin täze çözgütleriň wagty geldi. Biziň pudagymyz üçin bu – türkmen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagydyr. Diňe şuny ýola goýmak bilen, biz halkara ýük daşamalary üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen bäsleşmekligi başarýarys. Ýeri gelende aýtsak, hyzmatdaşlyga girmek pikiri, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasyny döretmekligiň başlangyjyny kesgitledi. “Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasy bu başlangyçlar bilen çykyş eden ilkinji ýedi sany kompaniýalaryň biridir.

Eger size dogry düşünen bolsak, onda soňky ýyllaryň ykdysady çökgünligi we barha artyp barýan halkara bäsdeşligi, türkmen ulag-logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň bilelikde işleşmegine getirdi?

– “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň alyp barýan işi bu soraga aýdyň jogap berýär. Assosiasiýa döredilen wagty, oňa takmynan 10 sany kompaniýa agza bolupdy, bir ýylyň dowamynda olaryň sany 130-a ýetdi. Assosiasiýanyň üsti bilen ulag-logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalaryna, ulag-logistika hyzmatlary pudagyny ösdürmek we ýurduň ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak baradaky tekliplerini taýýarlap döwlet edara-kärhanalary bilen paýlaşmaga mümkinçilik döretdi. Bu bolsa ýurdumyzda döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygynyň ýola goýulandygynyň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem, Assosiasiýa agza bolmaklyk, dünýä ulag we logistika ulgamyna girişmek, Türkmenistanyň ulag we logistika infrastrukturasyndaky guramalaryň bäsdeşliginiň ýokarlanýandygyny aňladýar.

Kompaniýaňyz geljek üçin nähili meýilnamalary işläp düzýär?

– Bu meýilnamalarymyzy bütin dünýädäki hadysalar we ýagdaýlar kesgitleýärler. Birinjiden, häzirki wagtda konteýner daşamalarynda ösüş we isleg bar, ikinjiden, şu günüň talap edýän meselesi, sanly ulgamy girizmek we sanly ulag geçelgelerini gurmaklyk bolup durýar. Biz öz kuwwatymyza daýanýarys hem-de geljege ýagşy umytlar bilen garaýarys.