Ulag we logistika pudagyndaky hünärmenleri kämilleşdirmek boýunça iki hepdelik onlaýn okuw sapaklary tamamlandy.

31.08.2021

2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-dan 31-i aralygynda Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunça USAID Taslamasynyň goldaw bermeginde, CILT guramasyna degişli WiLAT Central Asia jemgyýetiniň işläp düzen “Career and life formula (CALF)” atly maksatnamasy boýunça onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Bu okuw sapaklaryň maksady, hünärmenlere ulag we logistika pudagynyň tensensiýalary bilen tanyşmak, bu ugurdaky halkara derejeli hünärmenler bilen tejribe alyşmak we pudagyň beýleki hünärmenleri bilen umumy jemgyýetçilik ulgamyny ýola goýmak üçin mümkinçilik döretmek bolup durýar. Okuw maksatnamasy 11 sany bölümden ybarat bolup, tehniki we şahsy hünär endiklerini ösdürmek ýaly dürli derwaýys meseleler boýunça mowzuklara bölünendir. Okuw sapaklaryň dowamynda, “Liderlik we strategiki dolandyryş”, “Deňiz ýollarynda ýük daşaýyş tendensiýalary”, “Ýer üsti ulaglarynyň hereketi”, “Ýük daşamalarynyň zynjyrlary we satyn alyş strategiýasy” we beýleki ulag we logistika pudagynda ähmiýetli bolan  mowzuklar giňişleýin öwrenildi.
Okuwa gatnaşyjylar, pudagyň öňdebaryjy hünärmenlerinden tejribe almaga, olar bilen söhbetdeşlik gurup, gyzyklandyrýan soraglary bermek bilen, olaryň gazanan üstünlikleriniň syrlaryny öwrenmeklige mümkinçilik aldylar. Okuw sapaklarynyň aýratyn artykmaçlyklary bolsa, CALF  (Gonkong) kursynyň doly tamamlandygy baradaky halkara şahadatnamasynyň hem-de CILT guramasynyň bütindünýä hünärmenler jemgyýetine bir ýyllyk agza bolmak mümkinçiliginiň berilmegidir.
Bu okuw sapaklarynyň guramaçylaryň hyzmatdaşy bolmak bilen, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy tarapyndan, türkmen hünärmenleriniň bu okuw sapaklaryna gatnaşmaklary üçin uly mümkinçilikler döredildi.