Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy gutly bolsun!

27.09.2021

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy Türkmenistanyň her bir raýatyny ýokary ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilýän şanly senämiz – berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
Mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mundan beýläkde gülläp össün!
Goý, Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty dünýä dolsun!
Bize bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamaga we zähmet çekmäge mümkinçilik döredýän Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!