Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-astrahan geňeşiniň nobatdaky mejlisi.

30.11.2021

Türkmenistan we Astrahan welaýaty göni wideoaragatnaşyk arkaly telekeçilik meseleleri boýunça nobatdaky bilelikdäki mejlisini geçirdiler. Ulag ulgamyndaky, oba hojalygy, syýahatçylyk söwda dolanşygyny artdyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we gelejekde ikitaraplaýyn ylalaşyklary işjeňleşdirmek  baradaky meseleler mejlise gatnaşyjylar tarapyndan ara alyp maslahatlaşyldy.
Taraplaryň aýratyn ünsi ulag we logistika pudagyna, Astrahan welaýatynda Türkmenistanyň ulag we logistika merkezini döretmek, şeýle hem gämi gurluşyk babatyndaky meselelere çekildi.