Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynda zähmet çekýän aýallar Merkezi Aziýa sebitindäki ulag we logistika boýunça zenanlar bileleşiginiň duşuşygyna gatnaşdylar.

29.12.2021

Dabara 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ne wideo aragatnaşygy arkaly geçirildi. Ulag we logistika boýunça bütindünýä zenanlar bileleşiginiň (WiLAT Global) başlygy Gaýani De Alwis, Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Ulag we Logistika Institutynyň (CILT) häzirki prezidenti Dato Radzak we 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda wezipesine girişjek CILT-niň täze bellenen prezidenti Tite Owusu-Norti dagylar, logistika we ulag pudagynda zähmet çekýän türkmen aýal-gyzlaryny garşy aldylar. Şeýle-de, dabara “WiLAT” Global-yň başlygynyň Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Marina Kuzneçewskaýa hem gatnaşdy.
Türkmenistanda ulag we logistika pudagynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň adyndan “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sähra Amanowa, “Amatly ýollar” hojalyk jemgyýetiniň Logistika bölüminiň başlygy Liliýa Kasymowa, “Türkmen Ak Ýol” Hojalyk jemgyýetiniň Söwda bölüminiň dolandyryjysy Sofiýa Annamuradowa hem-de “Aziýa ulaglary” hususy kärhanasynyň hukuk-geňeşçisi Anastasiýa Talybowa dagylar gatnaşdylar.
WiLAT bileleşiginiň bütindünýä we sebitleýin wekilhanalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda, ulag we logistika pudagynda uly üstünliklere ýetmeklik üçin zenanlary birleşdirmekligiň ähmiýetini belläp geçdiler, şeýle hem bileleşigiň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler.
Logistika pudagynda zähmet çekýän türkmen zenanlary, ýurdumyzda gender deňligi boýunça alnyp barylýan syýasat barada, şeýle hem ýurdumyzda islendik kärde üstünlige ýetmeklik üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň bardygynyň aýdyň mysallary hökmünde, özleriniň logistika hünärine gelmekleriniň şahsy taryhlaryndan gürrüň berdiler. Esasy zat – ökde hünärmen bolmakdyr. Eger-de ulag-logistika kärhanalarynyň ýagty geljege uzaýan meýilnamalaryny nazara alsak, bu pudakda türkmen aýal-gyzlary üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aňlamak bolar.
Ulag we logistika boýunça zenanlar bileleşigine gatnaşmaklygyň ähmiýeti – tejribe alyşylmagy, täze işewür gatnaşyklaryň gurulmagy we aýallaryň hünär derejesiniň kämilleşmegine mümkinçilikleriň döredilmegi üçin özboluşly platforma hökmünde nazara alynýar.