“Ulag ýük hyzmatlary” – halkara ýük daşamalarynyň sanly ulgamy.

29.01.2022

Täze döredilen “Ulag ýük hyzmatlary” portaly ýük daşaýjylary we müşderileri tapmak, sargyt etmegiň wagtyny gysgaltmak we ýük daşamalaryň gündelik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähli işleri aňsatlaşdyrýar. Ýük daşamalar bilen meşgullanýan kärhanalar we telekeçiler üçin, web-sahypada ýük daşama sargytlary barada maglumatlar ýerleşdirilen.
Web-sahypasynyň ulgamynda hasaba durmak bilen, ulanyjy islendik ulag serişdesi arkaly ýük daşama üçin bildiriş goýmaga, daşaýjylara bolsa öz ulag hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilikler açylýar.
Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylýan döwründe, “Ulag ýük hyzmatlary” arkaly sanly-logistika geçmekligiň wagty geldi.