«Agroekspress» taslamasyna gatnaşmagyň geljegi bar bolan Türkmenistanyň transport we logistika kompaniýalary we oba hojalyk öndürijileri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

09.02.2022

Oba hojalyk önümlerini demir ýol üsti bilen daşamagyň esasy taraplary şu gün «Türkmenistanyň Transport we Logistika Merkezi» APJ-i bilen «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi bilen bilelikde guralan iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga ýurduň ulag we logistika pudagynyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri we TSTB-niň agzalary,eksporta gönükdirilen oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçiler  gatnaşdy.
Bu çäre «Agroekspress» taslamasyny – tizleşdirilen konteýner otlylaryny ulanyp, oba hojalyk harytlaryny eltmek üçin «RDÝ Logistika» PJ-niň we «Russiýanyň Eksport Merkeziniň» ýöriteleşdirilen hyzmatyny hödürlemek maksady bilen gurnaldy. Bellenilişi ýaly, bu ugur «ýaşyl geçelge» ýörelgesi boýunça işleýär we agrosenagat toplumynyň oba hojalyk önümleriniň iberiliş wagtyny gysgaldýar. GDA ýurtlaryndan agrosenagat toplumynyň harytlaryny,oba hojalyk önümlerini Russiýa Federasiýasyna ugratmak taslamasyna we yzyna gaýdyş ýoluna Özbegistan we Azerbaýjan hem goşuldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, daşary ýurtlara isleg bildirilýän oba hojalyk önümleriniň eksportynyň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri, türkmen transport we logistika kompaniýalarynyň we oba hojalyk öndürijileriniň «Agroekspress» taslamasyna gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň eksport harytlarynyň üpjünçiligini artdyrar.