“Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasy bilen Gazagystanyň “Kazlogistics” ulag işgärleriniň birleşmesiniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk

08.04.2022

2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň hem-de Gazagystanyň “Kazlogistics” ulag işgärler birleşmesiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady öňdebaryjy tejribeler boýunça pikir alyşmak bolup, Assosiasiýanyň we Birleşmäniň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çäklerinde taraplaryň özara hyzmatdaşlygy boýunça giň göwrümli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň başlygy öz çykyşynda, biziň ýurdumyzda dürli görnüşli çeşmeleri daşamagyň iň çylşyrymly görnüşleriniň eýýäm amala aşyrylýandygyny aýtdy. Türkmenistanda döredilýän häzirkizaman logistika ulgamy bütin Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösmegine öz goşandyny goşýar. Şeýle hem, Assosiasiýanyň başlygy ösen ulag-üstaşyr ulgamynyň emele gelmeginiň we “Kazlogistics” ýaly bu ugurda ýöriteleşdirilen ýakyn goňşy ýurt guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň – Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Sanly ulgam arkaly duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege jan saglyk we üstünlikler arzuw etdiler. Şeýle hem, bu wideo arkaly duşuşyk ikitaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkemegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.