Kagyzsyz serhetara söwdasyna ýardam bermek boýunça geçirilen maslahatlaşmalar.

08.04.2022

2022-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ne “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň Müdiriýet agzalary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) milli bilermeni Şageldi Soltanmammedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň kagyzsyz tehnologiýalara geçmek we serhetara söwdasynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýandyklary barada bellenip geçildi.
Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmekde hususy pudagyň hem ähmiýetli goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Bu bolsa öz gezeginde,  Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän we ilerledýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.