Türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi.

13.04.2022

Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisine gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä we agzalaryň maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen, döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.
Sergä TSTB-niň 200 golaý agzalary, şol sanda, “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň agzalary bolup durýan “Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti, “Miweli ülke” hususy kärhanasy we beýlekiler gatnaşýarlar.
“Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti, 2020-nji ýylda döredilen ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasydyr. Kompaniýanyň entek ýaşlygyna garamazdan, bu ýerde, islendik çylşyrymly ulag we logistika meselelerini çözmekligi, logistika shemalaryny işläp düzmekligi, aýratyn taslamalar üçin zerur ulag hyzmatlarynyň toplumyny kesgitlemekligi we başga-da köp işleri başarýan uly hünär tejribeli hünärmenler topary zähmet çekýärler.
“Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” kompaniýasy döredilen ilkinji günlerinden başlap, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalygyna girdi we bu biziň kompaniýamyzyň kemala gelmeginde hem-de ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynynyň bazarynda derejämiziň ýokarlanmagynda möhüm orun eýeledi” -diýip kompaniýanyň direktory Kaibow Jumadurdy belläp geçýär.
Sergä gatnaşyjylaryň hemmesi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän uly goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.